Piri Reýis
From Wikipedia, the free encyclopedia
Piri Reýis (doly ady Hajy Muhiddin Piri Ibn Hajy Mehmet) (1465 töweregi –1554 ýa-da 1555) — Türkiýäniň Egeý kenarýakasyndaky Gallipoli (türkçe Gelibolu) şäherinde 1465-1470-nji ýyllar aralygynda doglan osmanly admiraly, geografy hem-de kartografydyr.
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Ol häzirki döwürde esasan hem özüniň Kitab-ı Bahriye (Deňizçilik kitaby ýa-da Nawigasiýa kitaby) atly eserinde jemlän kartalary hem-de çyzgylary bilen tanalýar. Ol kitap nawigasiýa baradaky jikme-jik maglumatlary, şeýle hem Ortaýer deňziniň ähmiýetli portlarynyň we şäherleriniň iňňän takyk çyzgylaryny özünde jemleýär. Piri Reis özüniň (1513-nji ýylda taýýarlan) ilkinji Dünýä kartasynyň kiçijik bölegi 1929-njy ýylda Stambul şäherindäki Topkapy köşgünde üstüniň açylmagy bilen kartograf hökmünde hem uly meşhurlyga eýe boldy. Bu ýerde iň haýran galdyran zat bir osmanly kartasynda Amerika materiginiň bar bolmagydy. Bu karta şol wagta çenli Amerikanyň türkler tarapyndan çyzylan ilkinji kartasy bolup durýar. Amerikanyň ilkinji kartasy bolsa, losman we kartograf Juan de la Cosa tarapyndan 1500-nji ýylda çyzylypdy we ol häzirki wagtda Madriddäki deňiz muzeýinde (Museo Naval) saklanylýar.
Emma welin, Piri Reisiň ilkinji dünýä kartasynyň (1513) iň täsin galdyrýan tarapy – kontinentleriň ýerleşişlerini (aýratyn hem Afrika bilen Günorta Amerikanyň arasyndaky gatnaşygy) onuň ýaşan döwri üçin deňsiz-taýsyz derejede takyk kesgitlemegi bolup durýar. Hatda ondan onlarça ýyl soňra çyzylan kartalarda hem şeýle takyk oriýentasiýalar we proporsiýalar bolmandyr; şeýle ýokary hili Piri Reisiň Kitab-ı Bahriye (Nawigasiýa kitaby) atly eserindäki beýleki kartalarynda hem görmek mümkindir. Piri Reisiň kartasy Demirgazyk tropik giňişliginde Sahara çölüne konsentrirlenýär.[1]Kontinentiň resmi taýdan açylmagyndan üç asyr çemesi ozal çyzylandygyna garamazdan, käbir alymlar, şol sanda professor Charles H. Hapgood, Piri Reisiň kartasynyň Antarktikanyň saklanyp galan iň gadymy kartasydygy baradaky pikiri öňe sürýärler[2][3].
1528-nji ýylda Piri Reis ikinji dünýä kartasyny çyzýar. Ol kartanyň Grenlandiýany we Demirgazyk Amerikany, demirgazyk tarapda Labrador bilen Newfoundlanddan başlap, günorta tarapda Floridany, Kubany hem-de Merkezi Amerikanyň böleklerine çenli görkezýän kiçijek bölegi heniz hem saklanýar.